«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024
Döwletimiziň pajarlap ösýän döwründe, bedenterbiýe esasy üns berilýän ulgamdyr. Bedenterbiýe — bu sagdynlyga bakan ýol. Bedenterbiýe bilen meşgullanmagyň netijeleri saglygyň gözbaşyna eltýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerip ýurdumyzda, şol sanda bütin dünýäde sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak üçin yzygiderli tagallalar durmuşa geçirilýär. Bu bolsa adam bedeninde döräp biläýjek ýokanç kesellerden goranmak üçin köpçülikleýin bedenterbiýäniň ösmegine getirýär.