Baýraklar dabaraly gowşuryldy

7 Ýanwar 2021
1407

DÜÝN Änew şäherindäki Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna mynasyp bolan Ahal welaýatynyň zehinli çagalaryny sylaglamak dabarasy geçirildi. Ýaş nesliň arasynda uly meşhurlyk gazanan agzalan baýraga bu gezek welaýatymyzdan ruhubelent çagalaryň onusy mynasyp boldy.

Mälim bolşy ýaly, bu baýrak ýurdumyzda geçirilýän jemgyýetçilik işlerine işeňňir gatnaşyp, bagtyýar döwrümizi wasp etmekde ýokary döredijilik başarnygyny, işjeňligini görkezýän, milli medeniýetimizi, aýdym-saz sungatymyzy ösdürmekde öz goşandyny goşýan, şeýle-de bilim, döredijilik bäsleşiklerinde, dürli derejedäki ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan, galyberse-de beýleki ugurlarda tapawutlanýan çagalara berilýär. Baýragyň ýeňijilerini Täze ýylyň başynda dabaraly ýagdaýda sylaglamak däbe öwrüldi.

Annamuhammet GULOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri.