Ajaýyp eseriň gymmaty wagyz edildi

1 gün öň
64

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň toýly günlerde çapdan çykan «Hakyda göwheri» atly gymmatly kitaby halkymyz üçin ajaýyp toý sowgady boldy. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň şöhratly taryhy hem-de edebi mirasy hakyndaky toplan maglumatlarynyň jemi we oguz edebiýatynyň ähmiýetini açyp görkezmekde gymmatly çeşme bolup durýan täze eseriniň many-mazmunyny wagyz etmek boýunça häzirki wagtda dürli çärelere, tanyşdyrylyş dabaralaryna giň orun berilýär.

Welaýat kitaphanasynda geçirilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik hem Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynyň ähmiýeti barada pikir alyşmak hem-de onuň many-mazmunyny halk köpçüliginiň arasynda wagyz etmekde öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen geçirildi. «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň, welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen söhbetdeşlige Mejlisiň deputaty Ýeňiş Haýtjanow, Daşoguz şäher halk maslahatynyň başlygy Allanazar Garajanow, gazetiň bölüm redaktory Mahym Piriýewa, uly habarçysy Gözel Seýidowa, TDP-niň şäher komitetiniň bölüm müdiri Aýsoltan Nurmedowa, partiýa guramaçysy Didar Osmanow, welaýat kitaphanasynyň direktory Ogulhan Mätdurdyýewa, direktoryň orunbasary Yhlas Saparow dagy gatnaşdylar.

Ýörite habarçymyz.