Berjaý edilmeli düzgünler

1 gün öň
29

Mähriban ildeşler! Durmuşymyzyň asudalygyny, howpsuzlygyny kepillendirmek hem-de ýaşaýyş-edara jaýlarynda ulanylýan gaz bilen işleýän enjamlarynyň gurnalyşy, ulanylyşy we beýleki howpsuzlyk çäreleriniň berjaý edilişi barada, şulary ýatladyp, maslahat bilen ýüzlenmegi makul bildik.

Ýaşaýyş-edara jaýlarynda gaz bilen işleýän enjamlaryň oturdylan otagynyň penjiresinde otagyň howasyny çalyşmak üçin ýörite açylýan gözi bolup, gaz enjamynyň ýokarky böleginde bolsa howa çekiji saýawan oturdylmaly. Gaz enjamyny ulanýan raýatlar, bu enjamyň howruny çykarýan hem-de howa çalyşýan ulgamynyň tehniki taýdan saz işlemegine gözegçilik edip, öz wagtynda ýag siňmelerden we gurumlardan arassalap durmaly. Gaz bilen işleýän enjamy işe girizmezden öň hem-de onuň işleýän wagty saýawanyň howa çekijilik ukybyny barlamaga, gaz bilen işleýän enjamy ulanmazdan öň, onuň ojaklarynyň ýanyjylyk ukybynyň sazdygyna seretmäge, tüsse çykarýan abzallarynyň gurumlaryny öz wagtynda arassalamaga, enjam ulanylandan soň, gaz akdyryjynyň nurbatyny ýapmaga, gazyň ysy duýulanda gazlaşmadyk ýerden Gaz hojalyk gullugyna telefon arkaly 04 belgä habar bermäge, elektrik togunyň akymyny öçürmäge, açyk oduň hem-de uçgun berijileriň ulanylmagyny doly gadagan etmäge borçludyrlar.

Annagül AMANOWA,
TGM-niň Aşgabat şäher Raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň hünärmeni, kapitan.