Täze ýyl saçagynyň bezegi

1 gün öň
56

Täze ýyl baýramçylygy adamlara ruhy şatlyk paýlaýar, kalplara nuranalyk çaýýar. Bu baýramçylygyň beýleki dabaralardan aýratyn tapawutly tarapy, naz-nygmatlardan doly, dürli-dümen süýjüliklere we azyk önümlerine baý saçak bilen garşylamak däbi bar. Munuň düýp sebäbi, halkyň arasyndaky: «Täze ýyly nädip garşylasaň, bütin ýyly şonuň ýaly geçirersiň» diýen ynançdan gözbaş alýar. Baýramçylyk saçagy sahylyk, bolluk bilen bezelse, geljek ýylyň berekedi hut şoňa bagly hasaplanylýar. Şonuň üçinem her bir maşgalanyň uly-kiçi agzasy toý saçagyny giňden ýazyp, arzuw-niýet edýär. Baýramçylyk saçagyny ýazanyňyzda käbir düzgünleri ýerine ýetirmegiňizi, arassaçylyk kadalaryna eýermegiňizi maslahat berýäris.

Täze ýyl saçagynda arassaçylyk talaplaryny doly we dogry berjaý etmeli. Baýramçylygyň öňüsyrasynda ähli otaglarda arassaçylyk işlerini geçirmeli. Saçaga goýuljak azyk önümler ter we arassa bolmaly. Gök önümleri we miweleri akar suwuň aşagynda gowy edip, göwnejaý ýuwmaly. Işdäaçarlar we tagamlar aýratyn gapda, bölek ýagdaýda saklanylmalydyr.

Sona ILMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 4-nji Saglyk öýüniň şepagat uýasy.