Ýürekler buýsanja beslenýär

2 gün öň
159

Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitaby Watanymyzyň taryhy geçmişini, şu gününi, geljegini beýan etmekde, dünýä halklaryny baý medeniýetimiz, sungatymyz bilen tanyşdyrmakda örän ähmiýetlidir. Gahryman Arkadagymyz täze kitabynda türkmen taryhy barada täzeçil ylmy garaýyşlaryny beýan edýär. Bu kitabyň Magtymguly Pyragynyň şanly ýubileý ýylynda halkymyza gowuşmagy çuňňur mana eýedir.

Kitapda milli mirasymyz hem-de medeni gymmatlyklarymyz dogrusynda çuň manyly söhbet edilýär. Täze kitap geçmişiň beýikligini şu günüň bedew batly ösüşi bilen baglanyşdyrýar. «Hakyda göwheri» atly kitap bagtyýar ýaş nesillerimizi ruhy hem-de ahlak taýdan terbiýelemekde, olarda halkymyzyň taryhy-medeni gymmatlyklaryna çäksiz buýsanç duýgusyny döretmekde ähmiýetli gollanmadyr. Ajaýyp kitap halkymyzyň milli mirasyny çeper beýan etmekde, ony geljekki nesillere ýetirmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.

Seýýara SAPAROWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.