Emeli aňyň mümkinçilikleri

23 Dekabr 2024
67

Häzirki döwürde «emeli aň» adalgasy bütin dünýäde giň meşhurlyga eýe bolýar. Emeli aň jemgyýetçilik durmuşynyň hem-de ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna has batyrgaý ornaşdyrylýar. Bu ýagdaý häzirki döwürde ylmyň we tehnologiýalaryň çalt depginler bilen ösýändigini görkezýär.

Emeli aň 1956-njy ýylda amerikan alymy Jon Makkarti tarapyndan akademiki ylym hökmünde esaslandyryldy. Şol döwürden bäri bu ylym köp tapgyrlary geçdi. 2012-nji ýyldan başlap, bu ugruň maliýeleşdirilmegine gyzyklanmalar artdy. Şunda emeli aňy özleşdirmek we onuň mümkinçiliklerini peýdalanmak boýunça bar bolan usullary çuňňur öwrenmek meselelerine ähmiýet berildi. XXI asyryň 20-nji ýyllarynyň başynda dünýäniň dürli ýurtlarynyň iri kompaniýalary, ylmy edaralary we beýleki düzümler emeli aň boýunça giň gerimli işleri ýaýbaňlandyryp, onuň mümkinçiliklerine aýratyn üns berip başladylar. Bu bolsa jemgyýetçilik we ykdysady ösüşiň çaltlanmagyna giň ýol açdy. Şunuň bilen baglylykda, emeli aňyň mümkinçilikleri esasynda önümçilik kuwwatlyklary doly awtomatlaşdyryldy.

Gylyçmyrat GURBANOW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.