Sagdyn nesil – röwşen geljek

20 Dekabr 2024
76

Ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegi, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunda şahsyýetiň kämilliginiň hem-de sagdyn jemgyýetiň gözbaşy hökmünde bedenterbiýä we sporta aýratyn ähmiýet berilýär. Sport bilen meşgullanýan ýaşlar durmuşda we jemgyýetde mynasyp orun tapyp, ýurdumyzyň okgunly ösüşlerine goşant goşýarlar.

Garaşsyz Watanymyzda döwrebap sport düzümlerini döretmek babatda dünýä nusgalyk işler amala aşyryldy. Bu günki gün ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde döwrebap enjamlar hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen sport desgalary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri we merkezleri halkymyza hyzmat edýär. Ýurdumyzda mekdep ýaşyna çenli edaralaryňdyr umumybilim berýän mekdepleriň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ýaşaýyş toplumlarynyň taslamalary işlenip taýýarlanylanda, olarda sport düzümleriniň bolmagy hökmany talap hasaplanylýar. «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» diýen şygar astynda dürli ýaşdaky we kärdäki ildeşlerimiziň arasynda geçirilmegi däbe öwrülen bäsleşikler bolsa sagdyn jemgyýeti kemala getirmäge ýardam edýär.