Türkmenistan — Malaýziýa: dostlukly gatnaşyklaryň täze sahypasy

20 Dekabr 2024
76

18-19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýada resmi saparda boldy.

19-njy dekabrda ir bilen döwlet Baştutanymyz Putrajaýa şäherinde ýerleşýän Hökümet binasyna — Perdana Putra geldi. Hökümet binasynyň öňündäki Perdana meýdançasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim mähirli garşylady. Iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlanansoň, Hormat garawulynyň serkerdesi hormatly Prezidentimize dabaraly hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçip, Malaýziýanyň goşun baýdagyny sarpalady. Soňra hormatly Prezidentimiz Malaýziýanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen, öz nobatynda, Premýer-ministr Anwar Ibrahim hem Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyryldy. Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlaryň Malaýziýadaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen hem tanyşdyryldy.

«Watan».