Saglygyň, ruhubelentligiň, döredijilikli zähmetiň özeni

19 Dekabr 2024
84

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlaryndan, hormatly Prezidentimiziň yhlas-aladalaryndan kemala gelen Arkadag şäheriniň ähli ulgamlaryna ornaşdyrylan innowasion tehnologiýalar ekologiýa abadançylygy babatda dünýäniň iň kämil nusgasy boldy. Sebitde ilkinji bina edilen häzirki zaman «akylly» şäher konsepsiýasynyň ähli ölçeglerine laýyk gelýän bu şäher Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde geçirilýän dünýä ýaryşlaryna hemişe çagyrylýar. Halkara sergileriň, ýaryşlaryň hemmesinde hem ähli ugurlar bilen birlikde, ekologiýa abadançylygy babatda baş baýraklara, diplomlardyr sertifikatlara yzygiderli mynasyp bolýar.

Halkara Bitaraplyk gününiň bütin dünýäde baýram edilýän günlerinde Arkadag şäheriniň mynasyp bolan Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragy we güwänamalary, binagärlik, ekologik derejesi bilen bagly baýragy hem-de degişli güwänamalary ýaly sylaglarynyň ýurdumyza getirilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şanly ýeňişlerine çuň mazmun berýär.

Hanjar NURGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi serhetçiler hassahanasynyň lukmany, lukmançylyk gullugynyň uly leýtenanty.