Kitaplaryň göwheri

16 Dekabr 2024
104

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda neşir edilen «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasyny Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň rektory Baýrammyrat Atamanow açyp, täze şadiwanyň ähmiýeti barada durup geçdi. Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Hakyda göwheri» atly täze kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy, döredijilik mirasy hakynda toplan gymmatly maglumatlaryny, paýhas hazynasyny öz içine alýar. Gahryman Arkadagymyz bu eserini döretmekde mundan ozal ýazan we giň okyjylar köpçüligine ýetirilen dürli kitaplaryny, şeýle hem Watanymyzyň at-abraýy üçin gijesini gündiz edip işleýän arheologlarymyzyň täze taryhy tapyndylar esasynda toplan maglumatlaryny, daşary ýurtlardan getirilen golýazmalar esasynda pikir ýöredip boljak täzeçe taryhy garaýyşlary peýdalanandygyny beýan edýär. Halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny, nusgalyk döwletlilik ýörelgelerini şöhlelendirýän, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan bu eser ýaş nesilleri watançylyk, belent ahlaklylyk, ýokary ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadyr, ýolgörkezijidir.

Soňra çykyş eden ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary kitabyň girişden we iki bapdan ybarat bolup, onuň «Taryha syýahat» atly birinji babynda şöhratly taryhymyz hem-de şol taryh bilen bagly saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärliklerimiz hakynda gürrüň berilýändigini, Milli Liderimiziň bular baradaky garaýyşlarynyň we pikirleriniň şu babyň bäş bölüminiň üsti bilen täsirli beýan edilýändigini, alty bölümden ybarat «Ruhy miras» babynda bolsa müdimi mirasymyzy emele getirýän ruhy-medeni gymmatlyklaryň köpöwüşginliligine üns çekilýändigini nygtadylar.