«7/24.tm»: №51 (238) 16.12.2024
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllyk şanly senesiniň öňüsyrasynda Aşgabada gar ýagdy. Türkmen halkynda gar ýagmagy, gyş pasly bilen baglanyşykly dürli nakyllar, atalar sözi kän. Ak gary bolsa asly halal türkmen ak arzuwyna, päk niýetine deňeýär. Şonuň üçin hem halkymyzda «Ak zat alnyňa ýagşy» diýen söz bar. Bu bolsa ak reňkiň ýagty günleriň, ajaýyp durmuşyň buşlukçysydygyny aňladýar.