Mukaddesligi arzylap

13 Dekabr 2024
184

Ýaş nesilde milli gymmatlyklarymyza we zähmete söýgi döretmek maksady bilen, okuwçylarymyzyň gatnaşmaklarynda şäher derejeli göreldeli okuw sapaklaryny ýygy-ýygydan geçirýäris. Ýakynda geçiren şeýle sapaklarymyzyň birini 2-nji synpda bugdaýyň we mele nanyň mukaddesligine bagyşladyk. Oňa welaýat baş bilim müdirliginiň wekilleri we şäherimizdäki beýleki mekdeplerden gelen başlangyç synp mugallymlary gatnaşdylar.

Göreldeli okuw sapagymyzy maksada laýyk geçirmekde Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan çykan we tagallasy bilen çap edilen kitaplar esasy gollanmamyz boldy. Çagalar «Paýhas çeşmesi» atly kitapdan çörege, bugdaýa bagyşlanan atalar sözlerini suwara bilýändiklerini görkezdiler. «Akylly» tagtadaky şekillerdir wideogörnüşler boýunça geçiren pikir alyşmalarymyz hem netijeli boldy. Onuň dowamynda çagalar bilen bugdaýyň ýetişdirilişi barada gürrüň etdik. Dünýä dillerini gowy özleşdirýän okuwçylarymyz Gurbanýaz Daşgynow, Kerim Gurbannepesow ýaly şahyrlarymyzyň mukaddes çörege bagyşlan goşgularyny rus dilinde ýatdan aýdyp berdiler. Soňra olar «Çörek desterhanlarymyza nähili gelýär?» diýen sowala algoritmiki suratlaryň üsti bilen jogap berdiler.

Laçyn MUHAMOWA,
Türkmenabat şäherindäki 9-njy orta mekdebiň ýanyndaky internatyň başlangyç synp mugallymy.