Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan ýylymyz dana Pyragynyň gyzyldan gymmatly döredijiligini çuňňur öwrenmekde we dünýä ýaýmakda iň netijeli ýyllaryň biri hökmünde şöhratly taryhymyzda öçmejek yz goýýar.
Akyldar şahyryň ýurt berkararlygy, hoşmeýilli goňşuçylyk we dost-doganlyk bilen bagly ýürek arzuwlarynyň wysaly bolan Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny toplamakda, ylmy esasda öwrenmekde, türkmen jemgyýetiniň synmaz sütünlerine öwrülen möhüm syýasy-filosofik, jemgyýetçilik, ynsanperwerlik, ruhy-ahlak garaýyşlaryny wagyz etmekde we durmuşa geçirmekde bitiren görnükli hyzmatlary üçin Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanylmagy biziň her birimiziň başymyzy Göge ýetirdi. Milli Liderimize Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň gowşurylmagy —bu ulus-ilimiziň isleginiň myradyna gowuşmagydyr. Bu şatlykly wakalar şöhratly ýylymyzyň, galkynyşly döwrümiziň şanyna-şan goşmak bilen, türkmen halkynyň akyldar şahyryna bolan sylag-sarpasy, onuň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmeklige bolan höwes-hyrujy bilen birlikde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda bitirýan dünýä nusgalyk işlerine begenç-buýsanjyny alamatlandyrýar.