Göwünlere ganat baglan wakalar

10 Dekabr 2024
222

Baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk şanly toýunyň öň ýanynda bolup geçen buýsançly wakalar göwünlere ganat baglady. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna we Kararyna laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda göreldeli zähmet çekýän ildeşlerimiziň ýüzlerçesi Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» ýadygärlik nyşany bilen sylaglanyldy.

Şu gün, ýagny 10-njy dekabrda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmäge, dünýä ýaýmaga, medeniýet, edebiýat we sungat ugurlaryny ösdürmäge, ruhy-ahlak garaýyşlaryny wagyz etmäge uly şahsy goşantlaryny goşan ýurdumyzyň medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerine döwlet sylaglarynyň gowşurylyş dabarasy bolup geçdi. Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyna mynasyp bolan ildeşimiz, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň uly mugallymy Dursun-Solmaz Muhammedowa öz ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi:

«Zenan kalby».