Ýaş nesliň kämil bilim almagyna oňaýly şertler

9 Dekabr 2024
170

Beýik başlangyçlaryň rowaçlanýan mekany bolan Türkmenistan döwletimiz gün-günden özgerýär. Munuň şeýledigi eşretli eýýamda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda amala aşyrylýan beýik işlerde, ýetilýän sepgitlerde aýdyň görünýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda  ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklaryny, sanly ulgamdan baş çykarmaklaryny, boş wagtlaryny peýdaly geçirmeklerini gazanmak möhüm wezipe bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylmy we bilimi düýpli ösdürmek, onuň gazananlaryny milli ykdysadyýetde netijeli ulanmak, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ösdürmek ýaly möhüm işler esasy ileri tutulýan ugurlaryň hataryna çykaryldy.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Diýarymyzda durmuşa geçirilýän tutumly işleriň gözbaşynda ylym-bilimiň goýulmagy, bu ugurda dünýäniň iň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagy ösüp gelýän ýaş nesliň kämil bilim almagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Bilim ulgamyndaky öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagyny şertlendirdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu ugra aýratyn ähmiýet bermegi bilen ähli ösüşleriň pugta binýadyny düzýän ylym-bilim ulgamynyň işi döwrüň talabyna görä, dünýä ülňülerine laýyk derejede yzygiderli kämilleşdirilýär. Aýratyn hem, bu ulgamda ylmy-tehniki innowasion ösüşlere, öňdebaryjy işläp taýýarlamalar tejribelerine, sanly bilime we sanly ykdysadyýete, täze hünär ugurlarynyň açylmagyna uly ähmiýet berilmegi öňegidişligiň gazanylmagyny has-da işjeňleşdirdi.

Dinara EREŞOWA,
Çärjew etrabynyň 51-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.