Zähmete sarpa

5 Ýanwar 2021
1257

Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby çuň many-mazmunlylygy bilen okyjylarda, uly gyzyklanma döredýär. Bu kitabyň daşary ýurt dillerinde çap edilip, dünýä halklaryna ýetirilmegi bolsa, kitabyň meşhurlygyny has-da artdyrýar.

Kitabyň her bölüminde bolşy ýaly, «Zähmetsöýerlik — gaýratlylygyň gözbaşy» atly bölüminde hem beýan edilen jümleler her bir ynsana oňyn täsirini ýetirýär. Ýaşlaryň edep-ekram, ruhy-ahlak terbiýesini has-da kämilleşdirmekde ol möhüm orun eýeleýär. Ýaşlary zähmete höweslendirmäge, olara öz zehinlerini açmaga, jemgyýetdäki işjeňligini artdyrmaga itergi berýän jümleler bu bölümiň düýp özenini düzmek bilen, eziz Diýarymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň durmuşda özlerine hünär saýlap almagyna we ony kämilleşdirmegine dogry ýollary salgy berýär. Şeýle hem päk ýürekden halal zähmet çekmegi, gaýratlylygy, zähmetsöýerligi ündeýär.

Aýna TANGYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.