Çagalarda paralitik göz çaşylygynyň uly burçlarynyň hirurgik bejerilişi

6 Dekabr 2024
176

Aýgözel EZIZOWA
Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Kelle we boýun kesellerini bejeriş halkara merkezi

Paralitik göz çaşylykly çagalaryň saglygynyň dikeldilmeginiň toplumlaýyn bejergisi hirurgik tapgyryny hem öz içine alýar [6, 7]. Gözüň gyşarmagyny aýyrmak üçin geçirilýän tenorafiýa operasiýalaryň hirurgik tehnologiýalary sazlaşykly göz çaşylygyny bejermekde öz netijeliligini görkezdi [2-4]. Awtorlaryň ylmy işlerinde belleýşi ýaly, sazlaşykly göz çaşylykda gözleriň göni muskullarynyň tenorafiýasynyň ýerine ýetirilmegi gözüň öňki böleginiň gan bilen üpjünçiliginiň bozulmagyna getirmeýändigi, onuň geçirilmeginiň tehnik taýdan ýeňildigi we operasiýa geçirilende gaýra üzülmeleriň döremeginiň ähtimallygynyň azdygy görkezildi [1-3]. Çagalyk döwründe ýüze çykýan paralitik göz çaşylygynda netijeli hirurgik çemeleşmeleriniň kämilleşdirilmeginiň gözlegi dowam edýär [5, 8].