Ýaşlar – ýurdumyzyň geljegi

6 Dekabr 2024
108

Ýaş ne­sil ha­kyn­da­ky ala­da ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Hormatly Prezidentimiziň taý­syz ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de be­den taý­dan sag­dyn, bi­lim­li ýaş nes­li ter­bi­ýe­le­mä­ge, ola­ryň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy üçin iň go­wy şert­le­ri dö­ret­mä­ge aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Wa­ta­ny­my­zyň da­ýan­jy bo­lan ýaş nes­liň berk be­den­li, sag­dyn ruh­ly, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly adam­lar bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin dün­ýä yl­my­nyň iň soň­ky ga­za­nan­la­ry­ny ul­ga­ma or­naş­dyr­mak­da uly üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ylym, bi­lim, hü­när, ter­bi­ýe me­se­le­le­rin­de uly we­zi­pe­le­ri öň­de goý­ýar. Ýaş nes­le be­ril­ýän bi­li­miň hi­li şah­sy­ýe­tiň hem­me­ta­rap­la­ýyn saz­la­şyk­ly ösü­şi­ni üp­jün ed­ýär. Mu­nuň özi ýur­du­myz­da bi­lim ul­ga­my­ny döw­re­bap ös­dür­mek­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ro­waç­lyk­la­ra bes­len­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär.

Ýur­du­my­zyň ösüş­le­ri­ni mun­dan beý­läk-de art­dyr­mak ýaş ne­sil­le­re yna­nyl­ýar. Ösüş­ler bol­sa tä­ze pi­kir­le­ri ta­lap ed­ýär. Tä­ze pi­kir­ler bol­sa he­mi­şe sag­dyn, ru­hu­be­lent, zäh­met­sö­ýer adam­la­ra mah­sus hä­si­ýet­dir. Bi­lim al­mak, hü­när öw­ren­mek türk­men hal­ky­nyň müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da berk eýe­rip ge­len dur­muş ka­da­sy­dyr. Ar­ka­dag­ly Gahryman Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da bag­ty­ýar­ly­gyň we ro­waç­ly­gyň göz­ba­şy bo­lan ylym-bi­lim döw­le­ti­mi­ziň ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ni na­zar­la­ýan esa­sy ul­ga­my­dyr. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de bi­li­miň we yl­myň jem­gy­ýe­ti­mi­ziň dö­re­di­ji­lik güý­jü­niň bin­ýa­dy hök­mün­de yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär.