Talyplaryň döredijilik sergisi

5 Dekabr 2024
188

Zehin zähmet çekilende açylmak bilen bolýar. Erjel, tutanýerli bolmak zähmetiň rehnetini görmäge alyp barýar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda okaýan talyp ýaşlar hem ajaýyp sungat eserlerini irginsiz zähmet arkaly döredýärler.

2-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda her ýylyň ahyrynda guralýan «Gujurly ýaşlar» atly talyplaryň döredijilik sergisi açyldy. Talyplaryň nakgaş, heýkel, amaly-haşam sungatynyň işleri sergä aýratyn öwüşgin çaýdy. Ussat halypalardan bilim alan ýaş suratkeşler portret, peýzaž, taryhy, durmuşy žanrlarda halkymyzyň milli aýratynlyklaryny, gözel tebigatymyzy, taryhy ýadygärliklerimizi... ussatlyk bilen suratlandyrmagy başarypdyrlar. «Gujurly ýaşlar» atly sergide M.Durdymämmedowanyň «Rowaýat, syýahatçylyk merkezi», K.Abbasowanyň «Medeniýet öýi», L.Taganowanyň «Parahatçylyk», A.Abdyllaýewiň «Arzuwlara tarap», M.Maksatmyradowanyň «Ene mähri», Y.Allanazarowyň «Dutarçy ussa Rahmannazar aga», Ş.Mämmedowyň «Güljahan» ýaly şekillendiriş sungatynyň dürli ugurlaryna degişli işleri görkezildi.

Maýa HALYKBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy.