Sazlaşygyň, ruhubelentligiň kompozitory

5 Dekabr 2024
198

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, kompozitor Rejep Rejebowyň doglan gününiň 80 ýyllygy mynasybetli onuň halkymyza miras galdyran saz eserleri esasynda konsert geçirildi. Konsert R.Rejebowyň «Türkmenistan» atly eseri bilen açylyp, Maýagözel Amangeldiýewanyň ýolbaşçylygyndaky hor topary bilen bilelikde Wepa Allaşow bilen Rejepmyrat Kakamyradow ýerine ýetirdi. Mekdebiň simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde kompozitoryň «Säherdäki atlylar» atly çeper filmi üçin ýazan «Armanym» atly aýdymy mugallym Ogulgerek Pirnäýewa täze öwüşgin bilen aýtdy.

Halypa kompozitoryň saz eserlerinden düzülen konsertde onuň «Galkynyş», «Gara göz», «Humaý gözli», «Saňa», «Daş galdy», «Ýüregimde adyň bar», «Ýalňyz ýoda», «Bagtyýarlyk bossany» atly eserleri mekdebiň mugallymlary hem-de estrada orkestriniň dirižýory Myrat Jumaýewiň, üflenip çalynýan saz guralynyň dirižýory Amangeldi Hudaýgulyýewiň, halk saz gurallary orkestriniň dirižýory Astan ogly Baýramowyň we kanonçylar toparynyň çeper ýolbaşçysy Toýly Orazgeldiýewiň gatnaşmagynda ýerine ýetirildi. Şeýle-de konsertde mekdebiň göreldeli talyplary we mugallymlary Mergen Ataýew, Begdurdy Çerkezow, Söhbet Maksatmyradow, Rejepmyrat Kakamyradow, Bägül Hudaýberenowa, Yhlas Welihanow dagy üstünlikli çykyş etdiler.

Maýa ORAZMUHAMMEDOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy.