Ýumşak örtükden başlanýan owadan tanslar

5 Ýanwar 2021
1687

«Gutly Gün dogşundan belli» diýlişi ýaly, daşarda şeýle bir gar ýagýar, özem juda owadan ýagýar. Onuň edil ýylgynyň püri ýaly ownuklap ýagşynda birhili özüne çekiji rahatlyk bar. «Owadan ýagýar» diýenimi «näzli ýagýar» diýip, çalşyp bolmazmyka?» diýibem oýlanýaryn. Garyň ýumşaklygy ýene bir ýakymly duýgyny döretse, daş-töweregi aklyga büräp barşy bilen ol «Näzli» tans toparynyň ýerine ýetirýän «Durnalar» atly owadan tansyny ýadyma saldy...

Hormatly Prezidentimiziň medeniýet we habar beriş serişdeleri ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlaryna bagyşlap geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda tans toparlaryna Germaniýada öndürilen ýumşak örtükleri alyp berendigi barada hem aýdyldy. Bu gün halypa-şägirtlik ýolunda döredijilikli zähmet çekýän tans toparlary bu ýumşak örtük bilen üpjün edildi. Öz alyp barýan işleri, halypa-şägirtlik sungaty, Gahryman Arkadagymyzyň sungat işgärlerine döredip berýän mümkinçilikleri dogrusynda gürrüň etmek üçin Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň «Näzli» döredijilik tans toparynyň çeper ýolbaşçysy Gözel Gurbanowa ýüz tutduk.

Söhbetdeş bolan Aýjemal OMAROWA.
«Türkmenistan».