Zyýarat

5 Dekabr 2024
175

Aşgabadyň beýle çalt üýtgäýşini diýsene, tanar ýaly bolmandyr. «Bar, tap!» diýseler, bilýänje ýerlerim «Teke bazar», «Gülüstan» bazary, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti diýäýmesem, men-ä, dogrusy, ozalky öz ýaşan ýerimem taparyn öýdemok.

Sähelçe wagtyň içinde Aşgabadyň şeýle kaşaň bir şähere öwrüljegini göz öňüne getiribem bilmezdik. Ýurt döwletli döwranyň gujagyna dolanda, bolaýjak ekeni, gör-ä, bu tämiz köçeleri, serhowuzly baglary... Uzagyndan guwandyrsyn...

Ahmet HALMYRAT.