Gymmatly baýlyk

5 Dekabr 2024
164

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» çäklerinde hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzyň kuwwatyny pugtalandyrmakda, halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmakda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmäge we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmäge, raýatlaryň saglygyny dikeltmäge gönükdirilen netijeli öňüni alyş çäreleri üstünlikli durmuşa geçirilýär.

 Ýiti  respirator wiruslar sebäpli döreýän dem alyş ýollarynyň esasy keselleriniň biri hem ýiti bronhit keselidir. Ol ýiti  respirator wiruslar sebäpli döreýän bronhlaryň nemli bardasynyň alawlama ýagdaýydyr. Respirator wiruslaryna birnäçe ýokançlyklar birigip bilýär. Şeýle hem traheit, laringit, rinofaringit ýaly keseller ýüze çykyp bilýär. Bronhitiň döremegine sowuklama, çilimkeşlik, alkogolly içgiler, burundan dem almagyň bozulmagy, döş kapasasynyň şekiliniň üýtgemegi sebäp bolýar. Himiki (gyjyndyryjy gazlar) ýa-da fiziki (sowuk ýa-da yssy howa) täsirleriň netijesinde hem ýiti bronhit döräp biler. Bronhitiň esasy alamaty üsgülewükdir. Ol gury ýa-da gakylykly bolýar. Ýiti bronhitde üsgülewük tutgaý görnüşli bolýar. Käte tutgaý görnüşli üsgülewük şeýle bir güýjeýär, hatda kellagyryny hem döredip bilýär. Ol ysgynsyzlyga, üşütmä, gyzgynyň galmagyna, kellagyra, damarlardaky (myşsalardaky) agyra sebäp bolýar. Diňläp barlamak usuly geçirilende,   agyr dem alyş we dagynyk gury hyžžyldy bellenilýär. Ganyň barlaglarynda känbir üýtgeşmeler bolmaýar.

Nurmuhammet NURMUHAMMEDOW,
Aşgabat şäheriniň 15-nji saglyk öýüniň baş lukmanynyň bejeriş işler boýunça orunbasary.