Röwşen geljegimiziň ak ýollary

4 Dekabr 2024
172

Häzirki wagtda Türkmenistanyň ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça amala aşyrýan işleri sebit we dünýä ähmiýetli başlangyçlar bolup durýar. Şeýle hem ýurdumyzda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň giň ulgamyny, hemmetaraplaýyn döwrebap, kämil düzümini emele getirmek ýurdumyzyň we sebitdäki döwletleriň bähbitlerini ileri tutýar. Bu bähbitler bolsa söwda-ykdysady ulgamynda özüni görkezmek bilen birlikde, täze ykdysady giňişliklere tarap uzaýar. Netijede, söwda-haryt dolanyşygynyň gerimi giňäp, täze mümkinçiliklere baryp ýetýär. Şeýle ählumumy bähbitleri birleşdirýän halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmeginde Türkmenistanyň geoykdysady çatrykda ýerleşýändigini aýratyn belläp geçmek gerek.

Aziýany we Ýewropany birleşdirýän köpugurly hem-de köp görnüşli ulag serişdelerini öz üstünden geçirýän Türkmenistanyň Aziýadan Ýewropa ýa-da Ýewropadan Aziýa barýan ýollaryň ähli düzümlerini şaha-şaha ýaýradyp, olary gysga wagtda öz ýetmeli menziline ýetirmekdäki ähmiýeti juda uludyr. Şeýle bolansoň, bu sebit we yklymara ähmiýetli ýollar hakda söhbet açmak diýseň ýakymlydyr. Çünki ýurdumyzdan geçýän ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilişi hakynda ýatlamagyň özi-de, diňe bir halkymyz üçin däl-de, eýsem, sebitde ýaşaýan beýleki milletler üçinem buýsançly duýgularyň iň bir belendidir. Şeýle häzirki zaman dünýäsiniň ykdysady-durmuş ösüşine täsir etjek beýik başlangyçlaryň gözbaşy bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli taglymatynyň adamzadyň ýaşaýşyna we ykbalyna gönükdirilenligidir.

Muhammet GURDOW,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy, maýor.