Durmuşyň özi sungat

4 Dekabr 2024
199

Bir gezek döredijilik sapary bilen Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyna gitmeli bolduk. Bu etrapda Magtymguly Pyragynyň muzeýiniň ýaňy açylan döwürleridi, beýik söz ussadynyň hormatyna etjek işlerimiz kändi. Ýanymyzda şol mahalky «Altyn asyr: Türkmenistan» teleýaýlymynyň redaktory Dursun Hezretowa, «Miras» teleýaýlymyndan Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Bibisara Hapyzowa hem bardy. Jülgedäki salkym zeýtunlary, dagdaky kaktuslary, owadan tebigaty, adamlary surata düşürip, teleoçerk ýazylmalydy. Üstesine täze teklipler hem çykdy. Uzak ýaşlylar, sebite belli daýhanlar bilen hem gepleşik taýýarlamalydy. Şol aralykda hem aramyzdan biri: «Şu ýerde belli artist Şirli Mollaýew dünýä indi» diýip, bir gep tapdy. Barymyz onuň barmagyny uzadan howlusyna aňalyşyp seretdik. Şol halat hem öýden çykan aýal maşgala bize habar gatdy: «Myhmanmysyňyz?!». Biz oňa ilgeziklik bilen jogap berdik. Söhbet gyzygyp gitdi. Ahyrynda türkmençilik edip, ol hezzet etdi. Döredijilik toparymyz bolup, Şirli agalara baryp, duz-tagam datdyk. Özümiz hem belli režissýoryň, artistiň doglan ýeri hem üýtgeşik bolmaly ýaly pikirde, eýlämize-beýlämize äňedişýäris. Öýüň diwarlaryna çenli seredip çykanymy bilýärin. Meşhur artisti ýatladýan zatlara gözüň düşäýjek ýaly bolýarsyň. Döredijiligiň syrlylygy şol diwarlaryň aňyrsynda ýatan ýaly. Ýaşlygyň etdirýänidir-dä, şol gezekki bolşumyz «mürähede ýakyn» diýilýäni boldy. Garaz, artistleriň hem adaty öýlerde dünýä inýändiklerini, adaty maşgalada terbiýelenýändiklerini heniz bilmedik-görmedik ýaly bolduk. Meşhur artistiň özi barada soramaga welin çekindik. Soň uzak wagty ara salyp, bir gün meşhur we söýgüli şahyrymyz Gözel Şagulyýewanyň ýanyna salamlaşmaga geleninde, Şirli Mollaýewi gördüm. Magtymguly etrabyna döredijilik saparymyzda gaty «bilesigelijilik» edenimizi aýtmalydym welin, dilim baglandy durdy. Ussatlara duşanyňda şeýle bolýar.

Soň bir gezek «Gujurly nesil» okuw merkezinde işe başlan tanşym, birden Şirli aga hakynda sorady. «Tanaýarmyň?» diýýär. Men nädip: «Hawa» diýenimi özüm hem bilemok. Ol okuwçylar bilen duşuşyk geçirmekçidigini aýtdy. Onsoň näçe ýaýdansam-da, belent gatly jaýymyzyň soňky gatynda ýaşaýan halypanyň gapysyny kakdym. Meni garşy alan hem onuň maşgalasy boldy. Men oňa matlabymy gyssanmaç aýtdym. Ol salyhatlylyk bilen adamsyny çagyrdy. Biz gepleşdik. Ol ylalaşdy. Okuw merkezi barasynda bilmegiň özi üçin hem gyzyklydygyny aýtdy. Geň galdym. Soň ol düşündirdi. «Biziň çagalarymyz şol merkezlere goşmaça bilim almak üçin barýarlar. Şonuň üçin olarda okuwyň gidişini bilmeli» diýdi. Men onuň şol sözünden ýaşlaryň geljegi üçin uly jogapkärçiligi duýdum. «Gujurly nesil» bilim merkezinde geçirilýän sungat hakyndaky gyzykly sapaklara şol duşuşygyň täsirini ýetirendigi welin çyn. Ussadyň her bir hereketinden, gep-sözünden many alyp bolýar. Bilim-terbiýeçilik ulgamynda bolsa, esasy terbiýäniň özeni ýaşlaryň ýagşy tälim alyp, kemala gelmeklerinde jemlenilýär. Özüňe il içinde ýagşy diýdirip ykrar etdirmek bolsa, işiň — iň kyny! Sungat adamlarynyň içinde özüni watançylygy ündeýän dabaraly edebi-sazly çykyşlary guramakda, teatr sahnasynda, galam ýa-da saz bilen bir zatlary döretmekde, garaz, sungatyň dürli-dürli ugurlarynda elinden gelenini gaýgyrman yhlas edýänleri gözüňe has yssy görünýär. Sebäbi olar sungatyň haýsy ugrunda özleriniň zähmetiniň gerekdigini duýsalar, şoňa hem irinmän başlaryny urýarlar. Şirli aganyň ykbaly hem teatrdan başlanan hem bolsa, ol sungata düýrmegi bilen berildi. Kino, ekran, sahna sungatlarynda hem režissýor, hem artist, hem redaktor, hatda aýdym aýtmaly ýerinde aýdymçy bolup hem çykyş etdi. Aýdym aýdanda ol, hamala, Balkan daglaryna ýaň saldyryp, aýdyma aşyk bolup hem sungata gelen ýaly. Täze keşp bolsa, ony täze bir dünýä imrikdirip goýýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň binasynda janlandyrylan edebi-taryhy sahnada hem şeýle boldy. Taryhy gahrymanyň keşbine giren Şirli Mollaýewe şonda çiňerlip seredenler kän boldy. Diňe artistiň çykyş tamamlananyndan soň, adaty durmuşdaky ilgezikligi bilen söz açmadyk bolsa, belkem, tanalmazdy. Sungata esli ýyl ömrüni beren adamlaryň gürrüňini diňlemäge köpimiz höwesli. Sungat adamlarynyň durmuşyna öz ýanyndan duýgudaşlyk edýänler hem bar. Ýöne bu hem sungat adamynyň kimdigine bagly. Özi hakynda däl-de, sungat, halypalar hakynda söz açylsa, göwün göjelesi gülleýän sungat muşdaklarynyň döredijiliginiň aýratynlygyny öwrenmek kyn. Şirli Mollaýew hem şolardan. Onuň uly gürlemesi ýok, çagalygy bilen baglanyşykly ýatlama bilen söhbede başlaýar, soň göni jemleýär. Halypanyň garaýşyndan onuň nämä ähmiýet berýändigi görnüp dur. Daglaryň ýaňyna diň salyp ýören oglanjyk mahaly, onda şeýle arzuw hem ýokdy. «Adamlar okaýandyrlar we soň artist bolup ýetişýändirler» diýen pikir onda nireden bolsun?! Soň bir gezek bolsa, ol Aşgabada myhmançylyga gidýär. Hydyr kakasy olary gadyrly garşy alýar. Şol döwürde belli kinorežissýor Alty Garlyýewiň hem dabarasynyň ýurt aşýan döwürleri. Ol Hydyr aga bilen duz-emek bolupdyr. Dosty bilen görşende, kiçijik Şirlä sataşypdyr. Göwresi daýanykly, bilesigelijikli seredýän oglanjyk oňa geň görnüpdir. Ol Hydyryň ýanyndaky oglanjygyň kimligi bilen gyzyklanypdyr.

Bä­gül AN­NA­BA­ÝE­WA.