Atam Magtymguly Myşşyýew ömrüni döredijilige bagyşlan şahyrlaryň biri. Ol ýurdumyzyň kompozitorlary bilen işjeň gatnaşyk saklapdy. Kompozitorlar onuň goşgularyna birnäçe aýdymlary döretdiler. Şol aýdymlaryň birnäçesi häzirlerem teleradioýaýlymlarda yzygiderli berilýär. Atamyň «Köpetdagda bahar» atly kitaby 1961-nji ýylda okyjylara hödürlenipdir. Şonda ençeme goşgular bilen bilelikde Magtymguly Pyraga bagyşlap, «Iller, heý» diýen goşgy-da ýerleşdirilipdir. Atamyň bu goşgusyna döredilen aýdymy ilkinji bolup, bagşy Begenç Gurbanmyradow ýerine ýetiripdir. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýän ýylynda bu aýdymy söýgüli neşirimiz «Garagum» žurnalynyň okyjylaryna hödürlemegi makul bildim.
Iller, Heý