Mynasyp mertebe

3 Dekabr 2024
191

Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň Budapeşt şäherinde geçirilen mejlisinde eden çykyşy, orta atan teklipleri ýüregimize jaý boldy. Taryhçy mugallym hökmünde bu teklipleriň örän jaýdardygyny aýratyn nygtamak isleýärin.

Şol teklipleriň arasynda bu geňeşi mundan beýläk «Ýaşulular geňeşi» diýip atlandyrmak, geňeşiň neşirini çykarmak, onuň «Hormatly il ýaşulusy» diýen sylagyny döretmek bilen bagly teklipler aýratyn uly orny eýeleýär. Islendik döwletde, esasan hem, dili, medeniýeti ýakyn döwletlerde ýaşululara aýratyn sarpa goýulýar. Çünki olaryň pähim-parasady döwletleriň okgunly ösüşine oňyn täsir edýär. Ýaşuly nesil ― şu günüň we geljegiň ýol görkezijisi. Hut şolaryň paýhasy, ak pata bermegi bilen belent tutumlara girişilýär. Gahryman Arkadagymyzyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň mejlisinde orta atan teklipleri bu geňeşiň halkara derejesindäki abraý-mertebesini has-da beýgelder. Mejlise gatnaşyjylaryň gyzgyn goldawyna eýe bolan başlangyçlar Gahryman Arkadagymyzyň sözi diňlenilýän, pähimi oňlanylýan Liderdigini ýene bir ýola tassyklady.

Raýhan ABDULLAÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň mugallymy.