Röwşen geljegiň çyragy

2 Dekabr 2024
209

Ylym-bilime söýgi, öwrenmäge bolan hyjuw milli aýratynlyklarymyzyň biridir. Bu biziň ýaşlarymyzyň okamaga bolan höwesini, bilimli bolmak ukybyny kämilleşdirýär. Häzirki zaman dünýäsinde kitabyň, ylym-bilimiň tutýan orny örän uludyr. Ösüşlerdir täze-täze maglumatlar ýaşlaryň bilimli bolmak ukybyny has-da artdyrýar, maglumatlary öwrenmegiň täze usulyny, dünýägaraýşy giňeltmegiň täze görnüşini kemala getirýär.

Döwrüň talap edýän ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamak wezipesi häzirki zaman ylym we bilim ulgamyny mundan beýläk-de özgertmegiň esasy ugry bolup durýar we bu täze garaýyşlar ýaş nesliň okadylyşynyň mazmunyna düýpli täsirini ýetirýär. Milli we halkara ders olimpiadalarynda, abraýly ylmy bäsleşiklerde ýeňiş gazanýanlaryň arasynda ýaş watandaşlarymyzyň sanynyň barha artmagy bu ugurda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Şemşat SAPARLYÝEWA,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.