Aýdymyň aşygy, sazyň muşdagy

4 Ýanwar 2021
1675

Geçen asyryň 60-njy ýyllary Öwezgeldi Tekäýew, Mämi Çaryýew, Roza Hudaýbergenowa dagynyň türkmen estradasynyň ussatlary hökmünde tanalyp başlan döwürleridi. Astanberdi Möwlamberdiýew hem şol ýyllarda «Armanda men, armanda», «Gyzyl güller, elwan güller», «Kim getirse Ýusup bilen Ahmedi» ýaly aýdymlary bilen diňleýjileriň göwnüni awlapdy. Entek jahyllykdan ýaňy saýlanan ýigidiň aýdymlary radioýaýlymlarda hoş owaz bolup ýaňlanýardy. Astanberdi aýdym-saz dünýäsine aralaşmak üçin yzygiderli öz üstünde işleýärdi. Onuň ilkinji halypasy agasy Eýýämberdi Möwlamberdiýew bolupdy. Eýýämberdi mandolin, dutar, akkardeon saz gurallarynda saz çalmagy, goşgy, aýdym düzmegi başarýardy. Ol inisine-de aýdym-sazyň inçe tilsimlerini öwretdi.

Ýaşlykdan aýdym-saza höwesek Astanberdi Kerki şäheriniň medeniýet öýünde usulçy bolup zähmet ýoluna başlaýar. Arzuwdan doly gursagy ony aýdym-saz dünýäsine içgin aralaşmaga howlukdyrýardy. 1972-nji ýylda sungat ugrundan düýpli bilim almak maksady bilen Türkmen döwlet sungat institutyna okuwa girýär, aýdym aýtmagyň inçe syrlaryny, opera sungatynyň ýollaryny halypalaryndan öwrenýär. Halypasy, Türkmenistanyň halk artisti Orazgeldi Berdiýewden dirižýorlyk etmek, aýdym aýtmak boýunça kämil bilim-terbiýe alýar. Instituty tapawutlanan diplom bilen tamamlap, öz dogduk mekany Kerki şäherine dolanýar. Şäherde ýerleşýän mugallymçylyk mekdebinde aýdym-saz ugrundan talyplara bilim berýär. Arzuwlara beslenen talyplyk ýyllary yzda galypdy. Mugallymçylyk mekdebinde işe başlan ilkinji günlerinden Astanberdi halypalaryndan alan bilim-terbiýesine daýanýar. Okuw mekdebiniň tejribeli mugallymlarynyň goldawy bilen çalt kämilleşýär. Şol döwürlerde ilkinji döredijilik ýoluna gadam basan Astanberdi ençeme aýdymlary döredip, aýdym-saz muşdaklaryna hödürleýär. Astanberdi Möwlamberdiýew diňe bir aýdym düzmek bilen çäklenmän, eýsem, instrumental, tans sazlarynyň birnäçesini ýazýar. Aýdym-sazlaryň onlarçasyny täzeden işläp, estrada žanrynda kämil eserlere öwürýär. 1983-nji ýylda Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherinde kämilleşdiriş okuwynda bolmagy onuň sungat dünýäsine bolan garaýşynyň has çuňlaşmagyna täsirini ýetirýär. Şol döwürde birnäçe okuw-usuly kitaplary ýazýar. 1985-nji ýylda Kerki şäherinde mugallymçylyk mekdebinde aýdym-saz mugallymlaryny taýýarlaýan bölümi açmaklyga işjeň gatnaşýar.

Myratgeldi RAHYMOW,
saz sungatyny öwreniji.