Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy «Gujurly ýaşlar —2024» atly sergisine çagyrýar

29 Noýabr 2024
318

Berkarar döwletiň täze eýýamyň Galkynyşy döwründe sungat ojagymyz hasaplanylýan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda dekabr aýynyň 2-ne «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň «Gujurly ýaşlary – 2024» atly uçurymlaryň, talyplaryň we mugallymlaryň döredijilik sergisi öz işine başlar. Serginiň esasy düzüminde şekillendiriş sungatynyň nakgaşlyk, grafika, dizaýn, binagärlik, heýkeltaraşlyk, amaly-haşam sungatyna degişli bolan halyçylyk we haly önümleri, gobelen, zergärçilik, keramika önümleri görkeziler. «Sungaty öwreniş» kafedrasynyň talyplary we mugallymlary şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünäri bilen bagly kitapçalary, albomlary,  çeper bezelen senenamalary bilen gatnaşarlar. Talyplar bu sergide özleriniň döredijilikde alan bilimlerini döreden eserlerine siňdirip, zehinlerini, ukyp başarnyklaryny we gujurlaryny görkezerler.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda geçiriljek «Gujurly ýaşlar – 2024» atly uçurymlaryň, talyplaryň we mugallymlaryň döredijilik sergisi her bir ynsanyň göwnünden turjakdygyna ynanýarys.

Bahar MAGTYMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy.