Amazonka derýasy

4 Ýanwar 2021
3842

Tebigatyň özboluşly, syrly dünýäsi uzak ýyllardan bäri öwrenilip gelinýär. Amazonka derýasy hem tebigatyň köp täsinliklerini özünde jemleýär. Günorta Amerikanyň çäklerinde, dünýäniň iň uly Amazonka pesliginde ýerleşýän Amazonka derýasyny ýerli halk «Parana-King» diýip atlandyrýarlar. «Derýalaryň şasy» diýmekligi aňladýan bu adyň oňa ähli ölçegleri boýunça dünýäde iň uly derýa bolanlygy üçin dakylan bolmagy ahmal.

Amazonkanyň umumy uzynlygy 7025 kilometre deň bolup, bu ölçeg 1995-nji ýylda derýanyň Ukaýali goşandyna goşulýan Apurimak derýasynyň gözbaşyndan başlanan barlaglaryň netijesinde takyklanýar. Ol Afrikada ýerleşýän Nil derýasyndan hem 300 kilometr uzyndyr. Derýanyň ady ilkinji gezek 1542-nji ýylda ispan syýahatçysy Fransisko Orelýan tarapyndan Amazonka diýlip atlandyrylýar. Derýadan her ýylda 3800 kub metr suw Atlantik ummanyna akýar. Bu ölçeg Ýer ýüzündäki ähli derýalaryň suwunyň 25 göterimine deňdir. Amazonkanyň ummana guýýan ýerlerindäki giňligi 200 kilometre, çuňlugy 100 metre barabardyr. Derýa ýylyň dowamynda ygalyň köp mukdarda düşýänligi sebäpli suwuň derejesi durnukly saklanýar. Derýa hemişe köp suwly bolup, oňa ähli goşulýan akabalaryň sany 500-den gowrakdyr. Olaryň 17-siniň uzynlygy 200 kilometrden geçip, iň uly akabasy bolan Riu-Negru derýasynyň ýyllyk suw akymynyň mukdary dünýä derejesinde diňe Amazonkanyňkydan azdyr.