Fizika boýunça nobel baýragyna mynasyp bolanlar

4 Ýanwar 2021
2461

2020-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda nobatdaky Nobel hepdeligi öz işine başlady. Bu hepdelik üstümizdäki ýylda Nobel baýragyna mynasyp bolanlary äşgär etmek üçin geçirildi.

Şwed himigi Alfred Nobeliň adyny göterýän Nobel baýragy dünýäde iň abraýly halkara baýrakdyr. Ol baýrak fizika, himiýa, lukmançylyk we fiziologiýa, edebiýat hem-de parahatçylyk ugurlary boýunça halkara derejede ýerine ýetirilen has ähmiýetli işler üçin berilýär.