Ýaşaýşyň gözbaşy

27 Noýabr 2024
207

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyz dünýäniň medeni hazynasyna, ýaşaýyş pelsepesine mynasyp goşant goşan milletdir. Watana bolan söýgi, onuň tebigatyna bolan söýgüden başlanýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda daşky gurşawy goramak we tebigata aýawly çemeleşmek, ýaşlaryň ekologiýa bilimini artdyrmak ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ekologik bilim bermek boýunça amala aşyrylýan işler BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) tarapyndan utgaşdyrylýar. ÝUNESKO-nyň tebigy ugur boýunça alyp barýan işleriniň hataryna «Adam we biosfera» maksatnamasy, şeýle-de bu ulgama bagly Konwensiýalar degişlidir.

Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy aýawly peýdalanmakdan, şeýle-de geljekki nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmekden, bu ugurda sebit we halkara derejede ygtybarly hyzmatdaşlygy alyp barmakdan ybaratdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda ekologiýa bilimini ýokarlandyrmak babatda alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijesini berýär. Ekologik medeniýetiň esasy maksatlary jemgyýetiň, aýratyn-da, ýaş nesliň ekologik düşünjesini, terbiýesini kämilleşdirmekden, tebigat bilen adamyň özara gatnaşygynyň tejribesini ösdürmekden ybaratdyr. Şeýle çäreler adamyň sagdyn ýaşaýyş ýörelgesini kemala getirmäge, abadan durmuşy üpjün etmäge, ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny ýola goýmaga ýardam edýär.

Aýbölek KAZAKOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň baş buhgalteriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.