Türkmen şypahanalarynyň sagaldyş mümkinçiligi artýar

4 Ýanwar 2021
2132

BAGABAT, 2-nji ýanwar (TDH). Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň ilatynyň Täze ýyl baýramynda oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şu gün iş güni däl diýlip yglan edildi. Bu dynç gününde harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda gurlan döwrebap “Bagabat” şypahanasyna baryp gördüler.

Bu ýerde ilata ýylyň dowamynda hyzmat etmek üçin ähli zerur şertler döredildi, anyklaýyş hem-de bejeriş bölümleri, şol sanda balneoterapiýa, suw we palçyk bilen bejeriş, fizioterapiýa hem-de SPA bölümleri hereket edýär, sport bilen meşgullanmak üçin mümkinçilikler bar.