Gurama – halk senedi

25 Noýabr 2024
276

Türkmen halkynyň medeni däp-dessurlaryndan, edep-ekramlaryndan gözbaş alýan amaly-haşam sungatynyň birnäçe görnüşleri bar. Olaryň arasynda asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelen mata gurama işi özüniň köp öwüşginliligi we rejeli gurnalyşy bilen tapawutlanýar.

Türkmen gelin-gyzlarynyň yhlas bilen owunjak mata bölejiklerini birikdirip emele getirýän taslamasy bezeg işleriniň gadymy hem naýbaşy görnüşleriniň biri hasaplanylýar. Matalary ýerlikli ulanmagyň özboluşly şertleri we kadalary bar. Bu el hünäri zenanlaryň milli köýnekleriniň ýeňiniň el sapynda, begeýikde, ýakanyň iki gapdalynda we arka tarapyndaky sanjaklarynda, geýimlerde, kürtelerdir çyrpylaryň ýeňleriniň ujunda ulanylypdyr. Ondan başga-da, çaga egin-eşikleri bolan kürtekçeleriň, kirlikleriň, gulakjyndyr sümmen tahýalarynyň mata gurama usulynda bezelendigini görmek bolýar.

Azatgül GULOWA,
Gyzylarbat etrabynyň 12-nji orta mekdebiniň mugallymy.