Öňdebaryjylaryň iş tejribeleri öwrenilýär

3 Ýanwar 2021
2487

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesliň döwrüň talaplary esasynda bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi üçin bilim ulgamyna täzeçe usullar ornaşdyrylýar. Milli bilim ulgamynda ýaş nesle halkara ölçeglerine laýyk derejede ýokary hilli bilim bermek, edep-terbiýeli nesilleri ýetişdirmegiň öňdebaryjy tejribelerini mugallymçylyk işine giňden ornaşdyrmak, öz hünär ussatlygyny yzygiderli kämilleşdirmek bilim işgärleriniň esasy borjy bolup durýar.

Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen usuly-amaly okuwlara bilim işgärleri uly höwes bilen gatnaşýarlar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda «Halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşynyň gözbaşy ylym we bilim ulgamlaryny kämilleşdirmekdedir» diýen şygar bilen geçen usuly-amaly okuwa Balkanabat şäheriniň bilim işgärleri taýýarlykly geldiler. Iki gün dowam etjek usuly-amaly okuwlar şäheriň ýöriteleşdirilen 3-nji, 21-nji we 22-nji orta mekdeplerinde guraldy. Onda okuw maksatnamalaryny özleşdirmegiň netijeli usullary, okatmagyň innowasion tehnologiýalaryny, sanly serişdeleri sapaklarda giňden peýdalanmak bilen bilim bermegiň usullaryny has-da kämilleşdirmekde öňdebaryjy iş tejribeleri bolan hünärmenler diňlenildi. Şeýle-de, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, okuw dersleri çuňlaşdyrylyp okadylýan ýöriteleşdirilen mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmak, mekdebe çenli bilim bilen başlangyç bilimiň üznüksiz arabaglanyşygyny üpjün etmek barada sorag-jogaplar boldy. Hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, öňdebaryjy iş tejribäni öwrenmek, ýaýratmak, okuwçylary ylmy-gözleg işlerine ugrukdyrmak, ýaş nesli sazlaşykly terbiýelemek boýunça wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Annagül RÜSTEMOWA,
Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň mugallymy.