Bilimler dünýäsine giň ýol

3 Ýanwar 2021
2408

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesliň ylym-bilim almagy, sagdyn ruhly, berk bedenli, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ylym-bilim ulgamynda döwrebap maglumat tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde kompýuterler, multimedia enjamlary, lingafon otaglar, internet ulgamy ýaşlaryň hyzmatynda goýulýar. Bu bolsa olaryň bilim almakda ukyp-başarnyklaryny görkezmegine giň ýol açýar. Internet tory arkaly döredilen elektron kitaphanalardan, maglumat portallaryndan peýdalanmak, okuw sapaklarynyň interaktiw usulynda alnyp barylmagy, dünýäniň ösen döwletleri bilen teleköpri arkaly okuw sapaklaryna, halkara ylmy-amaly maslahatlara gatnaşmak ýaş nesilleriň başarnygyny has-da kämilleşdirýär.

Merjen TÄJIÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.