Tut nahallarynyň 3 müň düýbi oturdyldy

3 Ýanwar 2021
2222

Dermanlyk ösümliklerine baý bolan ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän tut agajy azyklyk hem-de melhemlik häsiýete eýe. Şeýle hem bu agajyň ýüpekçiligi ösdürmekde örän uly ähmiýeti bar. Biziň etrabymyzda hem tut nahallaryny ekmek we ösdürip ýetişdirmek işine aýratyn uly üns berilýär. Daýhan birleşiklerinde ekerançylyk meýdanlarynyň gyralaryna, suwaryş desgalarynyň ýakalaryna jemi tut nahallarynyň 350 müň düýpden gowragyny oturtmak göz öňünde tutulýar. Täze özleşdirilýän ýaýlalarda bu işe ýer eýeleri höwes bilen goşulyp, şahsy görelde görkezdiler.

Alym lukmanlaryň tassyklamagyna görä, tut agajy howadaky tozanlary sintezlemäge örän ukyplydyr. Tut agajynyň miweleri bolsa dermanlyk häsiýete eýedir.

Kamil KAMALOW,
TKA-nyň Kerki etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.