Saglygy goraýyşda şöhratly sahypalar

22 Noýabr 2024
205

Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Onda halkymyzyň abadan we bolelin durmuşyny üpjün etmek bilen baglanyşykly möhüm çözgütler kabul edildi. Munuň özi Halk Maslahatynyň döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynda, ýurdumyzy okgunly ösdürmegiň meselelerini çözmäge çemeleşmekde örän uly ähmiýete eýedigini görkezýär.

Söwda-ykdysady, senagat, önümçilik, saglyk, medeni-durmuş ugurlarynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler geljek üçin ajaýyp mümkinçilikleri açýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlary ýurdumyzyň baş ýörelgesi, belent tutumlary barada giň düşünje berýär. Bu şygarlar berkarar döwletiň, azat we erkin ýaşaýşyň ajaýyp senasy bolup ýaňlanýar. Häzir Türkmenistan döwletimiz abadan, asuda, gülläp ösýän, dünýäde öz mynasyp ornuny tapan, belent abraýa eýe bolan ýurda öwrüldi. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan uly ösüşlere eýe bolýandygyna biziň her birimiz buýsanýarys.

Hojamämmet JUMAÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kafedra müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň doktory.