Ýaşaýşyň çeşmesi

20 Noýabr 2024
294

Häzirki wagtda ekologiýa meselesi möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Ykdysady ösüşleriň, senagatlaşmagyň we ýaşaýyş şertleriniň üpjün edilmegi bilen bir hatarda, adamzadyň daşky gurşawyň üýtgemegine edýän täsiri hem ýokarlanýar. Ekologiýany abadanlaşdyrmak maksady bilen bitirilýän beýik işler hemmämiz üçin örän ähmiýetlidir. Berkarar Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen amal edilýän işler nusga alarlyk tejribedir. Suw, howa, toprak we biziň ýaşaýan ýerimiz — bular biri-biri bilen pugta baglydyr. Şonuň üçin ekologik deňagramlylygy saklamak we daşky gurşawy goramak biziň iň möhüm wezipämizdir.

Häzirki döwürde iň uly ekologik meseleleriň biri tebigy serişdeleriň köp ulanylmagy we köpçülikleýin sarp edilmegidir. Adamlara gowy ýaşaýyş şertlerini döretmek üçin senagatlaşma giňelýär, emma bu ýagdaýda tebigata ýetirilen täsir göz öňünde tutulmaly. Şeýle-de bolsa, adamzat Ýer ýüzüni we ekodüzümi saklamak üçin öz işini düzgünli alyp barmaly. Düzgünleri we çäklendirmeleri döredip, olaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmeli.

Mährijemal ATABALLYÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.