Hozuň höziri

19 Noýabr 2024
229

Gadym zamandamy ýa-da geçen asyr, onçasyny bilmedim. Ýöne güýz çigreginiň çynyny edip, gylyksyz gyşyň golaýlaýandygyny duýduryp ugran günleriniň birinde, uzak ýerden atyny säpjedip, aryp gelýän ýolagçy kişi bir äpet hoz agajynyň düýbünde goş ýazdyrypdyr. Agajyň saýasynda diň arkan düşüp, onuň syrdam boýuny, seleň şahalaryny synlap ýatyşyna, birdenkä nazary ho-ol beýik şahalardaky adaja şemala çalaja yranyp, görküni güjeňleýän düzüm-düzüm hozlara düşüpdir. Ol öz ýanyndan: «Ýak-he-eý, tebigat şun-a oňarmandyr. Muňa seretsene! Nähili äpet, belent agaç, syrdam boýy, berdaşly şahalary bar. Ýöne munuň miwesine bir seret, witjik, ed-dil barmagyň başy ýalyjak. Munuň ýaly daragtyň miwesi, iň bolmanda, kädi ýaly bir bolaýmal-a!» diýip içini hümledişine, meýmiräp uka gidipdir. Hor çekip ýatan ýolagçy birdenkä allaniçigsi bolup, maňlaýyny tutup, zöwwe ýerinden turupdyr. Nämäniň nämedigine-de golaýynda «Agaçdan aty, daşdan gaty» diýlip matala ýugrulan bir hozuň togalanyp barýandygyny görüp düşünip galypdyr: şahalardaky kiçijik hozlaryň biri şemala sapagyndan tänipdir-de, uklap ýatan kişiniň edil iki gözüniň arasyna patylap düşäýen eken. Maňlaýyny sypalaşdyryp, äm-säm bolup duran ýolagçy nämäň-nämedigine magat göz ýetirensoň: «Eý, Gudraty Güýçli Taňrym, sen bu hozlary kiçijik edip örän dogry ýaradan ekeniň! Eger-de olaryň her biri edil kädi ýaly dagy bolaýan bolsa-ha, meniň kellämi pytradaýjak eken. Biribaryň ýaradan her bir närsesine müňkür bolsaň, boljagyň şudur» diýip, küpür geplänine toba kylypdyr... Şu rowaýatkysmy gürrüňden ugur alyp, müçesine garanyňda maňzy güýçli, ynsan saglygy üçin nep-bähbidi uly bolan, «Öýden uly, ýumurtgadan kiçi, ötden ajy, süýtden süýji» diýlip matal edilen hoz agajy, onuň miwesiniň geň hem gyzykly taraplary barada söhbet etmegi dogry hasapladyk.

Magtymguly etraby. Hozly dere. Esli meýdana ýaýylyp gidýän hoz agaçlary beýikden ýaýraň şahaly bolansoň, kölegesinde at gaýtarym märeke saýalap biljek. Jülgäniň ugrunda ýaşy iki-üç asyrdanam geçen hoz agaçlarynyň sany-sajagy ýok. Olar hatar gurap uzalyp gidýär. Daragtyň şahalarynda bolsa hozlar, hakyt monjugyň çogdamy ýaly, ýylpyldaşyp gözüňe ilýär. «Arşyn getir, bi:z al, çuwal getir, hoz al» diýleni. Tüweleme, boldumly biten hasyllara seretdigiňçe, seredesiň gelýär.

Öwezmyrat GELDIBAÝEW.
«Türkmenistan».