Ýyldan-ýyla belent maksatlar bilen

2 Ýanwar 2021
2213

...Pikir edip otursaň, wagt täsin närse, ol bir görseň-ä, juda tiz geçýär, bir baksaňam, beýle-de däl ýaly. Onuň tizligi hakda «Ýortup barýan keýgiň şahyny saýalan ýaly» diýýäris.

Dünýäde bir hakykat bar: hiç bir zat wagtdan üzňe däl, wagta dahylsyz, ondan emin-erkin ýaşap bilýän janly-jandaram, jansyz närse-de ýok. Her bir öten ýyl — ömür atly bibaha serpaýdan wagtyň gädip alan bölegi. Daglaryň ösýändigi, hawa, baglaryň-a baýaky, daglaryňam ösýändigi wagtyň “aýnasynda” mälim bolýar.

Hemra HUDAÝGULYÝEW.
«Türkmenistan».