Ählihalk işine goşant

18 Noýabr 2024
315

Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigata aýawly çemeleşmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu hakykaty her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda geçirilýän bag ekişlik we baglara ideg etmek çäreleriniň mysalynda hem aýdyň görýäris. Ýaňy-ýakynda geçirilen şeýle ähmiýetli çärelere biziň etrabymyzyň ýaşaýjylary-da uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Ýurdumyzda bag ekişlik çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi tokaý meýdanlaryny giňeltmekde, howanyň zyýanly galyndylardan arassalanmagyny gazanmakda, ýaşlaryň arasynda ekologiýa medeniýetini dabaralandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Şu gezekki ählihalk bag ekmek çäreleriniň dowamynda raýatlarymyz saýaly, pürli we miweli baglaryň ýüzlerçe düýbüni ekdiler. Şeýle hem olar öňki ekilen, gün-günden boý alýan agaçlara ideg işlerini geçirdiler. Şeýle sogaply işlere gatnaşmak biziň her birimiz üçin belent borçdur. Goý, gün-günden bagy-bossanlyga, gül-gülzarlyga bürenýän Diýarymyzda baglarymyzyň hatary barha artyp, ömürlere saýa salsyn!

Şöhrat JUMAÝEW,
Çärjew etrap kazyýetiniň uly kazyýet ýerine ýetirijisi.