Resmi habarlar

1 Ýanwar 2021
1377

Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň ilatynyň Täze ýyl baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, 2021-nji ýylyň 2-nji ýanwary iş güni däl diýlip yglan edildi. Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň üpjün etmegi tabşyryldy.

* * *

(TDH).