Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň binýadynda hereket edýän «Parahatçylyk dilleri» atly ÝUNESKO klubunda onlaýn görnüşde «Magtymguly Pyragy — asyrlaryň paýhasy» atly sebitara maslahat geçirildi. Ony ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilelikde gurady.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de hormatly Prezidentimiziň goldawlary esasynda amala aşyrylýan işler ajaýyp miwesini-de berýär, şeýle tagallalaryň netijesinde, tutuş dünýäde akyldar şahyryň döredijilik mirasynyň muşdaklarynyň sany barha artmak bilen. Onlaýn görnüşde geçirilen sebitara maslahat bu hakykatyň ýene bir ýola ýüze çykmasy boldy. Onuň işine ýurdumyzyň bilim we jemgyýetçilik wekilleri bilen bir hatarda dostlukly döwletlerden tanymal magtymgulyşynaslar gatnaşdylar.