Ekoabadançylygyň berk binýady

14 Noýabr 2024
316

Güýzüň şu sahawatly günlerinde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça amala aşyrylýan giň möçberli işler ekologiýa abadançylygynyň berkidilmegine, daş-töweregimiziň gözelleşmegine örän uly täsirini ýetirýär. Ekologiýa abadançylygyny berkitmäge gönükdirilýän işleriň mazmunynda, ozaly bilen, döwletimiziň adam baradaky aladalarynyň durýandygy has-da guwandyrýar.

Tebigat baradaky alada häzirki döwrüň iň wajyp wezipeleriniň birine öwrüldi. Şoňa görä, Türkmenistan diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, Ýer ýüzüniň häzirki we geljek nesilleriniň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilýän ählumumy ekologik meseleleriň oňyn çözgütlerini öňe sürýär. Aşgabat şäheriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goşandy üçin degişli güwänama mynasyp bolmagy hem ýurdumyzyň ekologiýa diplomatiýasyny ösdürmekdäki üstünligidir. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» esasynda Diýarymyzda amatly ekologik gurşawy döretmek boýunça ýene-de giň gerimli işler amala aşyrylýar. Howanyň üýtgemegi ýaly möhüm ugurda BMG we beýleki iri halkara düzümler bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup, tutuş adamzadyň öňünde durýan möhüm wezipeleri çözmekde Türkmenistanyň işjeň orny eýeleýändigi hem döwletimiziň mertebesine mertebe goşýar. Şu ýerde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulandygyny hem ýatlap geçsek has-da ýerine düşse gerek. Döwletimiziň ýokary derejeli forumlarda öňe sürýän başlangyçlary halkara bileleşik tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Şolaryň hatarynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny, BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Aral meselesini BMG-niň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek, Hazar deňziniň ekologik abadançylygyny gorap saklamak ýaly teklipler bar. Hormatly Prezidentimiz 2023-nji ýylyň 30-njy noýabry — 12-nji dekabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda döwletimiziň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny hem resmi taýdan yglan etdi. Türkmenistan abraýly halkara düzümler bilen netijeli gatnaşyklary barha ösdürýär.

Nargiza NARBAÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki 33-nji orta mekdebiň mugallymy.