Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde türkmen tebigatynyň waspy

13 Noýabr 2024
311

Gahryman Arkadagymyzyň: «Magtymguly türkmen halkynyň taryhynyň iň çylşyrymly döwründe ýaşap, agzybirlik, garaşsyzlyk, özbaşdak döwlet gurmak ýaly beýik maksatlara öz döredijiligi bilen gulluk eden ynsanperwer şahyrdyr» diýen ajaýyp jümlesi şahyryň watançylyk duýgusyna berlen belent bahadyr. XVIII asyrdan bäri halkymyzyň ýüreginde ýaşaýan türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň döredijiligi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň halkara derejesinde giňden bellenilýän ýylynda uly many-mazmuna eýe bolýar.

Magtymguly atamyzyň döredijiligi mowzuk taýdan köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Şahyryň ýüzlenen esasy mowzuklarynyň biri türkmen tebigatydyr. Bu mowzuk akyldar şahyryň döredijiliginde mazmun taýdan has çuňlugy we gözelligi bilen ýüze çykýar. Şahyryň gözel tebigatymyza degişli şygyrlary edebiýat nazaryýetinde tebigatyň suraty diýlip öwrenilýär. Eýsem, lirikada tebigatyň suraty näme?

Halyl AKYÝEW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.