Pederleriň adyl, türkmen!

12 Noýabr 2024
286

Dana şahyrymyzyň doglan senesiniň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda her kim akyldar atamyzyň many-maňyzdan ýüki ýetik döredijiligini wagyz edip, dünýä ýaýmakda şahsy goşandyny goşasy gelýär. Biz hem Magtymguly atamyzyň «Bu gün» goşgusy baradaky halk arasynda aýdylýan rowaýaty okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Bu rowaýaty Gerkez obasynyň Magtymguly adyndaky 3-nji orta mekdebinde türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işlän, «Magtymguly Pyragy» muzeýiniň döremegine şahsy goşandyny goşan Durdybike Saparmämmedowanyň gyzlary Oguljeren bilen Ogultuwak eneden eşitdim. Olara hem mähriban käbesi gürrüň beripdir. Durdybike ene bolsa ol rowaýaty ir wagtlar garry gaýynlarynyň we rawyçy oba ýaşulularynyň çaý başynda, toý-tomguda hem-de nesillere aslyňa mynasyp bolmak hakynda berýän öwütlerinden, süýjüdip-süýjüdip edýän söhbetlerinden gulagy ganansoň, onuň hakydasyna berk ornandygyny aýdar eken. Şolaryň biri-de, Buzlypolat serdaryň ömri bilen baglanyşykly.

Ogulbibi TUWAKBAÝEWA,
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň işgäri.