Köňüllerde buýsanç bar

1 Ýanwar 2021
1419

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe päk arzuwlar, ýagşy umytlar bilen 2021-nji ýyla gadam goýduk. Parahatçylyga sarpa goýup, agzybirligi mukaddes ýol-ýörelge edinen türkmen halky üçin 2021-nji ýyl iň bir rowaç, arzuwlaryň hasyl bolýan ýyllaryň biri bolar. Täze ýylymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy biziň her birimiziň ýüreklerimizde buýsanç döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda bu ýyl ösüşleri we bagtyýarlygy bagyş eder.

Şeýle ajaýyp günlerde geçen ýylda gazanan üstünliklerimiz hakynda hem ýatlap geçmek isleýäris. Sebäbi her bir ýylyň öz aýratynlygy, kalbyňy buýsandyrýan ösüşleri bar. Şeýlelikde, ýyllar bir-birinden zyýada bolup halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynda bagtyýarlygy emele getirýär. Ýyllaryň bir-birine aýrylmaz baglanyşygy ýurdumyzyň ykdysady, medeni ösüşleriniň bir-birine baglanyşygyny emele getirip, bizi täze ösüşlere ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen gazanylýan döwrebap ösüşler döwletli Diýarymyzy ýyl-ýyldan täze belentliklere eýe edýär. Geçen 2020-nji ýylyň dowamynda bolup geçen wakalar hem ýurdumyzyň rowaç ak ertirleri nazarlap, bedew bady bilen öňe, diňe öňe barýandygyna doly güwä geçýär.

Suraý RAHMANBERDIÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.